Türkmençilikde “Gyşyň güni kyrk tüýsli” diýilýär. Gyşda howanyň sowamagy, kä ýarym gardyr ýagşyň ýagmagy, birdenem Gün çykyp durmagy bu pasylda egin-eşikleriňe aýratyn üns bermekligi talap edýär. Çünki sowuk howada ýeňil-ýelpaý geýinmek, doňaklykda aşagy typançak ýa-da uly ökjeli aýakgapda daşaryk çykmak, ýa bolmasa aşa galyň geýinmek saglyk üçin howpludyr.

Gyşda kelläňizi üşetmekden goraň. Suwa düşüp, çyg saçly daşaryk çykmak saglyk üçin zyýanlydyr. Munuň özi eşidişiň peselmegine, nerwleriň sowuklamagyna, saçyň düşmegine, dowamly çakyzanyň döremegine we beýleki keselleriň ýüze çykmagyna getirip biler. Şonuň üçin hem sowuk howalarda kelläňizi başgap ýa-da ýalyk bilen ýapmagy unutmaň. Çagalaryňyzy hem başgapsyz daşaryk çykarmaň.

Bokurdagyňyzy şarf ýa-da ýalyk bilen ýapyň. Bokurdagyň üşemegi dürli gaýraüzülmeleriň ýüze çykmagyna getirýär. Şeýle-de agyz-burun örtüklerini dakynyň. Bu birinjiden, dürli ýokanç kesellerden gorasa, ikinjiden sowuk howadan dem almagyň öňüni alýar.

Gyş günleri birnäçe gat geýinmek maslahat berilýär. Munuň özi sowuk howada transportda gidilende, ýa bolmasa wagtlaýyn jaýyň içine girip daşary çykylanda, derlän ýagdaýyňyzda deriňize ýel kakmazlyk üçin ähmiýetlidir. Egin-eşikleriňiz rahat hem-de ýyly bolmaly.Gyş günleri ýüňden tikilen eşikleri geýmek has gowy.

Gyşda aýakgaplaryňyza hem üns beriň. Sowuk howada gysga gonçly aýakgaplary geýmek saglyga zyýan ýetirip biler. Soňky döwrüň modasyna eýerip, käbir adamlar hatda sowuk howada-da topuklaryny ýapmaýan aýakgaplary geýýärler. Munuň özi aýagyň damarlarynyň aşa sowuklamagyna, gyzaryp çişmegine, soňlugy bilen ýöremegiň kynlaşmagyna getirýär. Aýaklaryňyzy gury aýakgapda saklamaly. Ol möwsümine görä, suw geçirmeýän we ýyly bolmalydyr. Garly, doňaklyk günleri üçin aşagy büdür-südür aýakgaplary saýlamak maslahat berilýär.

Pasla görä geýniň we saglygyňyzy goraň!