“Kanonirler” öz öýünde “Aristokratlardan” üstün çykdylar.

“Arsenal”- dan Aleksandr Lýakazet, Granit Djaka we Bukaýo Saka tapawutlandylar. Duşuşygyň soňunda Temmi Abraham gol salyp, hasaby 3:1 etdi.

Netijede, Arteta-nyň şägirtleri 2 aýyň içinde (7 oýun) ilkinji ýeňşini gazandylar.

“Çelsi” üçin bolsa, bu eýýäm 4 duşuşykda 3-nji ýeňlişdir. Iň soňky gezek şular ýaly yzygiderlilik bir ýyl mundan öň bolupdy.

Belläp geçsek, duşuşygyň 87-nji minudynda Meýson Maunt “Çelsä” penalty gazanyp berdi, emma “aristokratlaryñ” kapitany Žoržinýo öz mümkinçiligini ulanyp bilmedi. “Arsenalyň” derwezebany Bernd Leno öz ussatlygyny görkezdi.