“Tanshan” lokomotiw zawody sagatda 350 km tizlik bilen gidip bilýän ýük otlusyny öndürdi. Barada dünýäniň iň bir abraýly habarlar gullugy bolan “Sinhua” habar berýär.

Kompaniýa dünýäde başga bir ýurtda beýle otlynyň ýokdugyny öňe sürýär. Sebäbi şu wagta çenli ýolagçy otlularynyň şeýle uly tizlikde hereket edýänleri ulanylmaga berlipdi. Emma ýük otlularynyň beýle tizlikde hereket edýäni hakykatdan hem ilkinjileriň biri bolar.

Otlynyň daşky görnüşi aerodinamiki aýratynlyklaryna eýe hytaý bekre balygy görnüşindedir. Otlynyň ösüşinde “UWB” giň zolakly aragatnaşyk tehnologiýalary, ykjam maglumatlary geçiriş ulgamy we “Beydou” nawigasiýa ulgamy ulanylypdyr.

Otludan 600-1500 kilometre çenli bolan uzaklykdaky menzillere harytlary ýokary tizlikli eltmek peýdalanmak göz öňünde tutulýar.