Hormatly Prezidentimiziň “Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri” atly ylmy-ensiklopedik kitabynda türkmen topragynda bitýän dermanlyk ösümlikler barada gymmatly maglumatlar berilýär. Şolaryň hatarynda müň derde derman hasaplanýan üzärlik barada hem giňişleýin maglumat berilýär. Üzärligiň düzüminde adamyň bedenine peýdaly täsirini ýetirýän dürli maddalar, ýagny garmalol, garmin, peganin ýaly alkaloidler, kaliý, magniý, demir ýaly makroelementler, marganes, alýuminiý, nikel ýaly mikroelementler saklanýar.

Bu ösümlik merkezi we çetki nerw ulgamynyň kesellerinde, bogunlardaky guragyryda, dürli ýokanç we deri örtüginiň kesellerinde we soguljanlaryň garşysyna göreşmekde peýdaly.

Milli däplerimize görä, türkmen halky toý tutanda, maşgalada täze bäbek dünýä inende, ogul öýerip, gyz çykarylanda, täze jaýa göçülende üzärlik ösümligi howluda, otagyň içinde tütedilýär. Bu bolsa döwletliligi, rysgallylygy, goraglylygy üpjün edýär. Ata-babalarymyz ony çogdamlap, öýleriniň girelgesinde asyp goýupdyrlar. Üzärligiň tüssesiniň adam saglygy üçin howply bakteriýalary ýok edýändigi köplere mälimdir. Adamlaryň köp üýşýän ýerinde üzärligi tütetmegiň esasy maksady döräp biläýjek ýokanç keselleriň öňüni almakdyr. Oba hojalygynda ösümliklere zyýan berýän mör-möjeklere garşy ulanmakda hem üzärligiň peýdasy uludyr.

Üzärlik barada käbir maglumatlar:

Häsiýeti. Bu derman ösümligiň dünýäde 6, Türkmenistanda 1 görnüşi duşýar. Ösümlik başgaça ýüzärlik, iswent, adraspan, zäldirk we tüteltgi diýip atlandyrylýar. Üzärlik – üzärlikler maşgalasynyň adybir urugynyň boýy 30-50 sm-e ýetýän köpýyllyk otjumak wekili bolup, toprakda ösen ok pisint köki ýerleşýär.

Tebigy gory. Üzärlik ýurdumyzdaky seýrek ot-çöpleriň hataryna goşulmaýar. Dermanlyk maksatlar üçin gory ýeterlik.

Dermanlyk çig maly. Lukmançylyk maksatlary üçin üzärligiň oty, seýrek ýagdaýlarda tohumy dermanlyk çig mal bolup hyzmat edýär. Onuň otuny ir baharda (aprelde) gunçalaýan wagtynda ýygnamaly. Çig maly adaty usulda guratmaly hem taýýarlamaly. Taýýar bolan çig maly mata ýa-da kagyz haltada saklamaly.

Dermanlyk taýýarlanylyşy hem ulanylyşy. Demgysmada üzärligiň 5-10 dänesini her gün 3 gezek agzyňa atmaly ýa-da olary gaýnadyp, suwuny içmeli. Oňat guradylan otuny jama salyp otlamaly. Tüssesine özüňi tutmaly, jamyň üstüne egilmeli, tüsse daşary çykmaz ýaly üstüne bir zat atmaly. Şu bejeriş usuly sowuklamadan dynmaga kömek eder. Asgyrma we burun dykylma dessine aýrylýar. Üzärligiň owradylan otunyň 1 nahar çemçesini 2 bulgur (400 ml) gaýnan suw salnan syrçaly gabyň içine atyp, 10-15 minutlap pessaý ýanýan otda gaýnatmaly, hasada süzmeli. Emele gelen peti endamyňa çalsaň düwürtikli ýaralary, demrewi aýyrýar. Zäherli mör-möjekler çakanda ösümligiň otunyň bir çaý çemçesini ýenjip ýapmaly. Üzärligiň 200 gram owradylan otuny 10 litr gaýnag suwda 10-15 minutlap saklamaly. Soňra hasa bilen süzmeli. Emele gelen jöwhere suwa düşünseň bogunlardaky guragyry köşeşýär. Bu jöwher demrewi we beýleki deri kesellerini bejermekde hem peýdalydyr.