Şu günlerde daş-töwerekde howa ýagdaýlarynyň üýtgeýändigi sebäpli, şeýle-de ýurdumyza dürli ýokanç keselleriň getirilmeginiň we ýaýramagynyň öňüni almak we raýatlaryň saglygyny berkitmek maksady bilen, lukmanlar aşakdaky şahsy gorag çärelerini berjaý etmekligi maslahat berýärler:

• Elleriňizi yzygiderli ýagdaýda düzüminde spirt saklaýan serişdeler bilen arassalap, sabyn bilen ýuwmaly.

• Jemgyýetçilik ýerlerinde howpsuz araçägi saklamaly (iki metrden az bolmadyk aralykda durmaly).

• Gözüňi, burnuňy we agzyňy ellemezlige çalyşmaly.

• Üsgürilende we asgyrylanda agzyňy ýa-da burnuňy tirsegiň bilen ýapmaly.

• Jemgyýetçilik ýerlerinde agyz-burun örtüklerini dakmaly.

• Örtügi eliňe almazdan öň, eliňizi düzüminde spirt saklaýan serişde bilen arassalamaly ýa-da sabyn bilen ýuwmaly.

• Ulanylan örtügi gulagyň arkasynda durýan baglaryndan tutup çykarmaly hem-de ony ýüzüňize ýa eşigiňize degmeginden saklaň. Çünki ulanylan örtük mikrobedenler bilen zeperlenen bolup biler.

• Ulanyp bolan badyňyza örtügi zibil atylýana taşlamaly.

• Örtügi aýranyňyzdan soň, elleriňizi düzüminde spirt saklaýan serişde bilen arassalamaly ýa-da sabyn bilen ýuwmaly.

• Bir gezeklik örtükleri ikinji gezek ulanmaly däl.

• Agyz-burun örtüklerini her iki sagatdan çalşyp durmaly.

• Eger-de siz mata örtüklerini ulanýan bolsaňyz, onda çykaranyňyzdan soň, ony sabyn ýa-da ýuwujy serişde ulanyp suwda ýuwmaly (60 gradusdan aşak bolmaly däl), hem-de guradyp ütüklemeli.

Elleriňizi ýygy-ýygydan ýuwmaklyk, asgyrmada we üsgürmede agzyňyzy elýaglyk ýa-da tirsegiň bilen ýapmaklyk, jemgyýetçilik ýerlerinde birek-birekden 2 metrden az bolmadyk aralykda durmaklyk — özüňi ýokanç kesellerden goramagyň iň netijeli usulydyr.

Bu düzgünleri berjaý etmek bilen siz diňe bir öz saglygyňyzy däl, eýsem, töweregiňizdäkileriň hem saglygyny goramaga ýardam edýärsiňiz.