Kofeni süýt, ýag bilen garylyp içip bolýar. Ruhlandyryjy häsiýete eýe bolan “şähdaçyklygyň içgisine” limon garyp içmek bolsa, bedendäki köpsanly ulgamlaryna, şol sanda, ýüregiň işleýşine we deriniň ýagdaýyna oňyn täsir edýär.

Bedeni iki esse köp antioksidant bilen üpjün edýär

Kofe içindäki flawonoidleriň we limondaky C witaminiň birleşmegi beden üçin örän peýdalydyr. Antioksidantlar immunitetiň gowşamagynyň, wagtyndan öň garramagyň we dowamly kesellere sebäp bolup biljek oksidleýji prosesiň öňüni alýar.

Immuniteti goraýar

Limonyň, esasan hem, C witaminiň immun ulgamy üçin peýdalydygy täzelik däl, ýöne kofeniň bedeniň goragyna goşýan goşandyny hemmeler bilmeýär. Kofede demir, sink, B witamini bar, bu işjeň maddalar immunoglobuliniň önümçiligini gowulandyrýar, bedeni wiruslardan we patogenlerden goraýar.

Beýnä oňyn täsir edýär

Beýnimizdäki adenozin reseptorlarynda hereket edýän kofein, işlemek, üns bermek we ýatkeşlik ukybyny ýokarlandyrýar. Limon suwundaky işjeň maddalar hem şu wezipäni ýerine ýetirýär.