Roždestwo her ýyl 25-nji dekabrda Isa pygamberiň doglan gününiň gutlanylýan hristiýanlaryň baýramçylygydyr. Roždestwo başgaça “Dogluş baýramy”, “Mukaddes dogluş” diýlip hem atlandyrylýar. Bu baýramçylyk XX asyryň başlaryndan başlap, hristiýan bolmadyk adamlar tarapyndan-da gutlanylýan, dini motiflerden saýlanan, sowgatlar alnyp-berilýän baýramçylyk hökmünde bellenilýär.

Köp ýurtlarda Roždestwo gutlamalary 24-nji dekabrda başlaýar we 25-nji dekabrda dowam edýär. Ermeni ybadathanasy ýaly käbir Gündogar Ortodoks ybadathanalary Julien senenamasynda 25-nji dekabra gabat gelýän 6-njy ýanwary Roždestwo hökmünde belleýärler.

“Roždestwo” sözüniň köki latynça “Natalis (dogluş)” diýen sözdendir.

Häzirki wagtda birnäçe günbatar ýurtlarynda “Roždestwo” manysynda ulanylýan “Christmas” we şuňa meňzeş sözlerden: ýunança “Khristos”, awam latynçasyndaky “Messa” sözleriniň birleşmesinden döräpdir.

Roždestwony başgaça atlandyrýan ýurtlar hem bar. Meselem, Germaniýada oňa “Weihnachten” diýilýär. Onuň manysy “mukaddes gijeler” diýen manyny aňladýar.

Häzirki wagtdaky Roždestwo gutlamalary hristiýan bolan ülkelerde örän reňkli geçýär. Roždestwo taýýarlyklary birnäçe aý öňünden başlaýar. Hristiýanlaryň Isa pygamberiň doglan gününe garaşylýan döwre adwent döwri diýilýär we 24 sany penjiresi bolan adwent senenamalary taýýarlanylýar. Bu senenamalarda her penjiräniň yzyna suratlar ýa-fa süýjülikler gizlenilýär. Her gün şol penjireleriň biri açylýar. Käbir ülkelerde bolsa, adwent şemleri ýakylýar.

Roždestwodan öň mekdeplerde Isa pygamberiň dogluşy janlandyrylan sahna oýunlary guralýar. Bu oýunlarda Isa pygamberiň bir ýatakhanada dünýä gelşi we gündogardan gelen üç müneçjimiň Isa üçin sowgatlar getirmegi janlandyrylýar. Roždestwo günlerinde ybadathanalarda we köçelerde çagalardan ýa-da ýetginjeklerden düzülen hor toparlary roždestwo aýdymlaryny aýdýarlar.

Roždestwoda arça agaçlary, öýler, bakjalar çyralar, owadan bezegler bilen bezelýär; sowgatlar alynýar, otkrytkalar ýazylýar we Aýazbabanyň gelşi janlandyrylýar.

Birnäçe ülkede 25-nji dekabr gününde öýländen soňra Roždestwo naharlary taýýarlanylýar we bir saçak başynda şol naharlar iýilýär. Roždestwo nahary her ülkede dürli-dürli bolýar. Şolaryň içinde iň giň ýaýrany gyzardylan hindi towugy we şöhlatdyr.

Rožstwo güni bezelen arçanyň aşagynda goýlan sowgatlar adamlara paýlanylýar. Kiçi çagalar üçin asylyp goýlan uly joraplaryň içine sowgatlar we süýjülikler goýulýar we olary Aýazbabanyň getirendigi aýdylýar.

Güljahan BEGHANOWA M

Magtymgulyadyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň iňlis dili mugallymy