ABŞ-nyň kosmos gullugy NASA-nyň hünärmenleri şu hepde bäş sany asteroidiň Ýere ýakynlaşandygyny habar berdiler. Olaryň üçüsi 16-njy dekabrda planetanyň golaýyna uçdy diýip, Kommersant.net habar berýär.

Agentligiň habaryna görä, bu kosmos jisimleriniň diametri 10 metrden 24 metre çenli. Olaryň biri 343 müň kilometr uzaklykdan Ýere ýakynlaşdy.

Mundan başga-da, beýleki iki asteroid 18-nji dekabrda Ýerden 57,1 müň kilometr, beýlekisi bolsa takmynan 7 million kilometr uzaklykdan uçdylar. Asteroidleriň biri, maksimal ýakynlaşanda Aýdan has ýakyn aralykdan geçdi. Bu kosmos jisimleriniň diametri degişlilikde 6,8 we 30 metrdir.

Bulardan öň dünýä KHSB-de diametri 10 metr bolan asteroidiň Ýer bilen çaknyşygyna rekord derejede 350 km uzaklygyň galandagy hakyndaky habarlar ýaýrapdy.