“Toyota” 2021-nji ýylda ýokary güýçlendirmä eýe elektrik üpjünçiligi bilen enjamlaşdyrylan elektrik awtoulaglaryny hödürlär. Awtoulag bir zarýadda 500 kilometr ýoly geçip biler we 10 minutda wagtyň dowamynda noldan 100% zarýad alyp bolýar.

Kompaniýanyň bu awtoulaglarda ulanjak batareýasynyň häzirki zaman litiý-ion batareýalaryna mahsus birnäçe kemçilikleri ýok. Hususan-da, bularyň hatarynda bir zarýad bilen geçýän uzak aralyk we zarýad almak üçin köp wagt gerek bolmazlygyny mysal görkezmek bolar. Mundan başga-da, tehnologiýa elektrolit ergininiň terk edilmegi sebäpli öz-özünden ýanmak howpuny azaldýar.

“Toyota” ýakyn ýyllarda gaty batareýaly elektrik awtoulaglaryny satan dünýäde ilkinji awtoulag öndürijisi bolmagy meýilleşdirýär. Awtoulagyň ilkinji prototipiniň 2021-nji ýyldaky Olimpiýa oýunlarynda görkezilmegine garaşylýar.

Maglumat hökmünde belläp geçsek, “Toyota” gaty berk elektrolit elektrik üpjünçiligini ösdürmekde öňdebaryjydyr. Häzirki wagtda kompaniýa degişli tehnologiýalar üçin müňlerçe buýurmalary aldy. Ýurduň iň iri awtoulag öndürijisi bolan “Nissan” hem şuňa meňzeş tehnologiýanyň üstünde işleýär.

Mundan öň, Ýaponiýada 2030-njy ýyllaryň ortalaryna çenli benzin we dizel ýangyjy bilen işleýän awtoulaglaryň öndürilmeginiň gadagan ediljekdigi hakynda habar berlipdi.