“Meduza”-nyň habaryna görä, Kirow welaýatynyň Sowetskdäki dendrologiki seýilgähde Andreý Wdowenkanyň ýolbaşçylygyndaky talyplar topary “DreamWorks” studiýasynyň meşhur multfilminiň baş gahrymany Şregiň öýüni gurdular.

Gurluşyk üçin 1,5 ýyl sarp edildi. Taslamanyň awtorlary batgalyk jaýynyň içki böleginiň takyk nusgasyny döretmäge synanyşdylar. Görnüşi ýaly, gynansakda golaýda batgalyk ýok. Şol sebäpli hem öý edil multfilmdäki öýe doly derejede meňzemeýär.

Ýeri gelende belläp geçsek, Wdowenko Sudow tokaý kollejiniň mugallymydyr. 2018-nji ýylda ol talyplary bilen güýmenje höwürtgesini gurdy. Soňra bolsa ol Şregiň öýüni gurmaga girişýär. Ol bu pikiriň aňyna gelşi hakynda: “Bir gün öýe girip, telewizory açdym, efirde Şrek bardy. Bu pikir dessine maňa geldi, beýle jaý gurmagyň aňsat bolmajakdygyna düşündim “-diýdi.