Türkmenistanda geçirilýän at çapyşyklarynyň täze möwsümlerinde janköýerleri höweslendirmek üçin totalizator goýumlary ulanylar. 7-nji dekabrda obahojalyk toplumynyň ýolbaşçylary bilen geçirilen iş maslahatynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow degişli ýolbaşçylary bu babatda tabşyryklary berdi.

Milletiň Lideriniň nygtaýşy ýaly, atly sport bäsleşikleriniň dürli görnüşlerini ösdürmek üçin zerur işleri geçirmek, bu ugurda daşary ýurt döwletleriniň tejribelerini öwrenmek hem-de ýaş hünärmenleri höweslendirmek zerurdyr.

Munuň üçin atçylyk sport toplumlarynyň talaba laýyk saklanylmagyny, olarda bejeriş we abatlaýyş işleriniň öz wagtynda geçirilmegini üpjün etmegi, bu toplumlaryň gazanýan girdejilerini artdyrmak, goşmaça mümkinçiliklerinden peýdalanmak üçin seljermeleri geçirip, degişli teklipleri taýýarlamaly.

Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutany ýurdumyzda halkymyz tarapyndan at çapyşyklaryna bildirilýän uly gyzyklanmadan ugur alyp, sanly ulgamyň mümkinçiliklerinden peýdalanmak arkaly totalizator goýumlaryny ulanmagyň hem maksada laýyk boljakdygyny aýtdy.