Aşgabatda resminamalara gol çekmek dabarasy boldy. Munuň özi Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş maksatnamasynyň (BMGÖM) hem-de ýurdumyzyň birnäçe ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň bilelikdäki täze taslamalaryna badalga berdi.

Gol çekilen taslamalaryň sanawynda: Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligi bilen BMGÖM-niň arasynda “Durnukly ösüş maksatlarynyň durmuşa geçirilmegi üçin meýdança” atly Taslama resminamasynyň 2-nji tapgyry; Birleşen Milletler Guramasynyň Çagalar gaznasynyň (ÝUNISEF) Türkmenistan boýunça 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Ýurt maksatnamasyny durmuşa geçirmek babatda Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligi bilen ÝUNISEF-niň Türkmenistandaky wekilhanasynyň 2021-nji ýyl üçin Iş meýilnamasy; Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş bankynyň we BMGÖM-niň arasynda “Telekeçiligi goldamak we bank ulgamyna sanly ulgamy ornaşdyrmak”;

Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrliginiň arasynda BMGÖM-niň “2021 — 2022-nji ýyllar üçin Aziýada zorlukly ekstremizme durnuklylygy ýokarlandyrmak (STRIVE Asia)” ýaly resminamalar we beýlekiler bar.

Ikitaraplaýyn resminamalara gol çekilmegi Birleşen Milletler Guramasynyň iri edaralary bilen umumy abadançylygyň bähbitlerine laýyk gelýän netijeli gatnaşyklary mundan beýläk-de pugtalandyrmaga ýardam eder. BMG bilen hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň üstünlikli durmuşa geçirýän döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar.