Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen Guwanç Döwletmämmedowiç Orunow Türkmenistanyň gurluşyk we binagärlik ministriniň orunbasary wezipesine bellenilip, ol Daşoguz welaýatynyň häkiminiň gurluşyk boýunça orunbasary wezipesinden boşadyldy.

Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen Çaryýar Durdymyradowiç Ahmedow saglyk ýagdaýy sebäpli, Türkmenistanyň gurluşyk we binagärlik ministriniň orunbasary wezipesinden boşadyldy.