Spacex” -iň esaslandyryjysy Ilon Maskyň pikiriçe, adam ýakyn alty ýylda Marsa çykar. Bu barada “Meduza” habar berdi.

Bu babatda Mask adamzat ösüşine täsir edýän innowasion pikirleri üçin “Axel Springer” baýragynyň gowşurylyş dabarasynda: “Eger şowlulyk biz tarapda bolsa bu hadysa dört ýylda hem bolup biler” –diýdi.

“CNBC” aýtmagyna görä, Mask şeýle diýmek bilen, 2016-njy ýylda on ýylda Marsa ädim ädiljekdigi hakyndaky diýen pikirini ýene-de bir gezek öňe sürdi.

“SpaceX” kompaniýasy “Starship” kosmiki gämisiniň we Marsa uçmak üçin şol bir atdaky raketanyň üstünde işleýär. Bu arş gämileriniň doly göwrümli prototipi 2020-nji ýylyň awgust aýynda üstünlikli uçuryldy.

Ondan öň Ilon Mask ilkinji kolonizatorlaryň Marsda nähili ýaşajakdygyny suratlandyrdy. Marsda emele geljek şäheriň ilatynyň ilki aýna gümmezleriň aşagynda ýaşajakdygyny, soň bolsa planetanyň Ýerdäki ýaly durmuşy emele getirmek üçin terraforma öwrüljekdigini aýtdy.