Howa maglumatynyň çaklamalaryna görä, Türkmenistanda gyşyň başlanýan hepdesi ýagyşly we garly bolar.

Ýurdumyzyň welaýatlaryna we paýtagtymyz Aşgabada demirgazyk-günbatardan çygly howa akymynyň aralaşmagy netijesinde gar gatyşykly ýagyşyň ýagmagyna we hepdäniň ahyrynda howanyň pes temperaturaly bolmagyna garaşylýar.

Balkan welaýatynda üýtgäp durýan bulutly howa bolup, hepdäniň başynda we ikinji ýarymynda gar gatyşykly ýagyş ýagar. Gündogardan tizligi sekuntda 7 — 12 metrden 13 — 18 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine -4…+1 gradusdan +3…+8 gradus aralygynda maýyl, gündizlerine +10…+15 gradus, welaýatyň kenarýaka etraplarynda +5…+10 gradus maýyl bolar.

Ahal welaýatynda üýtgäp durýan bulutly howa bolup, hepdäniň başynda we ikinji ýarymynda gar gatyşykly ýagyş ýagar. Demirgazyk-gündogardan tizligi sekuntda 6 — 11 metrden 10 — 15 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine -1…-6 gradus sowukdan 0…+5 gradus aralygynda maýyl, gündizlerine +1…+6 gradusdan +9…+14 gradus aralygynda maýyl bolar.

Mary welaýatynda üýtgäp durýan bulutly howa bolup, hepdäniň başynda we ikinji ýarymynda ýagyş ýagar. Demirgazyk-gündogardan tizligi sekuntda 5 — 10 metrden 10 — 15 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine -2…-7 gradus sowukdan +1…+6 gradus aralygynda maýyl, gündizlerine +2…+7 gradusdan +10…+15 gradus aralygynda maýyl bolar.

Lebap welaýatynda üýtgäp durýan bulutly howa bolup, hepdäniň başynda we ikinji ýarymynda ýagyş ýagar. Demirgazyk-gündogardan tizligi sekuntda 7 — 12 metrden 11 — 16 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine -2…-7 gradus sowukdan 0…+5 gradus aralygynda maýyl, gündizlerine 0…+5 gradusdan +11…+16 gradus aralygynda maýyl bolar.

Daşoguz welaýatyn¬da üýtgäp durýan bulutly howa bolup, hepdäniň başynda we ikinji ýarymynda az-kem gar gatyşykly ýagyş ýagar. Demirgazyk-gündogardan tizligi sekuntda 6 — 11 metrden 10 — 15 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine -5…-10 gradus sowukdan -4…+1 gradus aralygynda maýyl, gündizlerine 0…-5 gradus sowukdan -1…+4 gradus aralygynda maýyl bolar.

Paýtagtymyz Aşgabatda üýtgäp durýan bulutly howa bolup, hepdäniň başynda we ikinji ýarymynda gar gatyşykly ýagyş ýagar. Demirgazyk-gündogardan tizligi sekuntda 7 — 10 metrden 10 — 12 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine -2…-4 gradus sowukdan +1…+3 gradus aralygynda maýyl, gündizlerine +3…+5 gradusdan +9…+11 gradus aralygynda maýyl bolar.