Şu ýyl “Bitcoin” -iň bahasy 2017-nji ýylda hasaba alnan iň ýokary taryhy netijeden soň ilkinji gezek ýokary rekorda eýe boldy. Bu barada “Meduza” agentligi habar berdi.

30-njy noýabrda geçirilen söwdada “Bitcoin”-iň bahasy 19,808 dollara ýetdi. Öňki rekord 2017-nji ýylyň 18-nji dekabrynda goýuldy we 19783.21 dollar bolupdy.

“Bitcoin”-iň soňky ýylda ösüş derejesi 170 göterim ýokarlandy. “Roýter” habarlar gullugynyň habaryna görä, bahalaryň ýokarlanmagy töwekgelçilikli aktiwlere bolan gyzyklanmanyň artmagy, şeýle hem maýadarlaryň kriptografik walýutalaryň ýakyn wagtda umumy walýuta öwrülmegine bolan umytlary sebäpli ýüze çykýar.

“Bitcoin”, kriptografik walýuta bolan gyzyklanmanyň artmagy sebäpli 2017-nji ýylda 20 esse ýokary baha berdi, şondan soň walýuta hümmeti çalt peselip başlady. 2018-nji ýylyň iýun aýynda “Bitcoin”-iň bahasy 6000 dollardan gowrakdy we 2019-njy ýylyň başynda onuň bahasy 3500 dollara çenli aşaklady. Şondan soň “Bitcoin”-iň bahasy ýene ýokarlanyp başlady.