Türkmennebit” döwlet konsernine “Türkmennebit” döwlet konserniniň ýörite hyzmatlary ýerine ýetirmegy hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň 2010-njy ýylyň 30-njy iýulynda çykaran 11189-njy Kararyna laýyklykda, Goturdepede nebitgaz ýatagynda guýylaryň nebit berijiligini ýokarlandyrmak boýunça hyzmatlary ýerine ýetirmek barada Tatarystan Respublikasynyň “Tatneft” açyk paýdarlar jemgyýeti bilen baglaşan şertnamasyna degişli işleri we hyzmatlary ýerine ýetirmek hem-de şertnamanyň möhletini 8 ýyl uzaltmak barada goşmaça ylalaşygy bellenen tertipde baglaşmaga ygtyýar berildi.

Hormatly Prezidentimiz bu baradaky Karara Ministrler Kabinetiniň sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçirilen mejlisinde gol çekdi.

Mälim bolşy ýaly, Tatarystan Respublikasynyň “Tatneft” açyk pardarlar jemgyýeti köp ýyldan bäri Türkmenistanyň nebitgaz pudagynda häzirki zaman tehnologiýalaryny we ýörite enjamlary önümçilige ornaşdyrmak arkaly nebit guýularynyň öndürijiligini ýokarlandyrmak babatda hyzmatdaşlyk edip gelýär.