Şotlandiýanyň parlamenti aýal-gyzlaryň arassaçylyk önümleri bilen mugt üpjün edilmegini talap edýän kanun kabul etdi. Onuň esasynda aýallaryň tampon we arlyklary mugt almak hukugy berkidilýär. Bu barada “RiaNowosti” habar berýär.

Premýer-ministr Nikola Stirling twitterdäki sahypasynda ýurduň dünýäde ilkinji bolup şeýle kanun kabul edendigini belläp geçdi.

Resminama laýyklykda Şotlandiýanyň hökümetiniň bu harytlara mätäçleriň hemmesine elýeterli bolmagyny üpjün etmek üçin shema döretjekdigini göz öňünde tutýar. Şeýle hem, hökümet beýleki döwlet edaralarynyň hem mugt arassaçylyk serişdeleri bilen üpjün edilmegini talap edip biler. Muňä görä, ýurtdaky mekdepler, kollejler, ýokary okuw mekdepleri hem mugt arassaçylyk, dezinfeksiýa serişdeleri bilen üpjün ediler.

Kanunyň taslamasy garyplyk bilen göreşmek maksady bilen deputat Monika Lennon tarapyndan hödürlendi.