Hi-Tech.Mail.ru-nyň habaryna görä, Günorta Koreýadaky Sejon uniwersitetiniň gözleg topary täze telefon kuwwat berijisiniň üstünde işleýärler.

Ondan öň dürli ýurtlardan alymlaryň uzakdan zarýad bermek funksiýasyny synagdan geçirýändigi barada habarlar gelip gowuşýardy. Ýöne bu gezek alymlar gowy netijeleri gazandylar. Gözlegçileriň Günorta Koreýanyň we halkara patent edaralaryna ýüz tutandyklary we häzirki wagtda enjamyň täjirleşdirilmegine taýýarlyk görýändikleri hakynda aýdylýar.

Smartfon güýçli infragyzyl şöhlelenmäniň hasabyna zarýad alyp bolýar. Onda ýarym geçiriji optiki güýçlendiriji tarapyndan öndürilýär. Görnüşinden, enjam energiýa ýitgisi ýa-da minimal öndürijiligi bolmazdan bir metrden iki metre çenli işläp bilýär. Oýlap tapyjylar, bir wagtyň özünde birnäçe elektron enjamyna zarýad bermegiň mümkindigini öňe sürýärler.

Tehnologiýa ygtybarly: infragyzyl simsiz zarýad beriji adam bedeniniň elektromagnit şöhlelerinden goralmagyny talap edýän edýän elektromagnit tolkunlary döretmeýär.

Şeýle zarýad beriji häzirki zaman simsiz alternatiwalaryndan has ähmiýetli bolup biler.