COVID-19-yň ýaýramagy sebäpli, ýüze çykyp biläýjek durmuş-ykdysady meseleler boýunça BMG-niň edaralary bilen Türkmenistanyň Hökümetiniň arasyndaky bilelikdäki iş toparynyň nobatdaky 4-nji mejlisidir. Duşuşyga milli parlamentiň, Adalatçynyň diwanynyň, degişli ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, BMG-niň ýurdumyzda işleýän edaralarynyň, abraýly maliýe edaralarynyň (Bütindünýä banky, Aziýanyň ösüş banky, Ýewropanyň täzeleniş we ösüş banky) hem-de jemgyýetçilik guramalaryň wekilleri gatnaşdylar.

Gün tertibine “Türkmenistanda ýiti ýokanç keseliniň pandemiýasyna garşy dessin durmuş-ykdysady çäreleriň meýilnamasynyň” durmuşa geçirilişiniň barşyny ara alyp maslahatlaşmak baradaky mesele çykaryldy.

Mejlise gatnaşyjylar ady agzalan meýilnamany durmuşa geçirmek boýunça görülýän çäreler barada habar berdiler hem-de statistika maglumatlarynyň seljerilmegi bilen baglanyşykly meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar.