Futbol boýunça Türkmenistanyň Ýokary ligasynda çykyş edýän toparlaryň bäşisi — “Köpetdag”, “Altyn Asyr”, “Ahal”, “Şagadam” hem-de “Merw” toparlary AFK-nyň Çempionlar ligasynda hem-de AFK-nyň Kubogynda çykyş etmäge mümkinçilik berýän ygtyýarnamany üstünlikli geçmegi başardylar.

Şeýlelikde, paýtagtymyzyň “Köpetdag” kluby 2021-nji ýylda AFK-nyň Çempionlar ligasynda çykyş etmäge mümkinçilik berýän ygtyýarnamany üstünlikli tabşyrdy.

“Altyn Asyr”, “Ahal”, “Şagadam” hem-de “Merw” toparlary bolsa AFK-nyň Kubogyna gatnaşmaga mümkinçilik berýän ygtyýarnamany üstünlikli geçdiler.

t