Bütindünýä saglygy goraýyş guramasy dünýädäki hökümetleri pandemiýanyň täze alamatlaryna taýynlanmaga çagyrdy. BSGG-niň Baş assambleýasynyň 73-nji sessiýasynyň öň ýanynda guramanyň web sahypasynda degişli habar ýerleşdirildi.

Web sahypada ýerleşdirilen hasabatda “Geçen ýyl adatdan daşary ýagdaýlara güýçli infrastrukturalar bilen taýyn ýurtlaryň SARC-CoV2 wirusynyň öňüni almak we oňa gözegçilik etmek üçin gyssagly çäre görýändigini gördük. Biz indi mundan beýläk hem işleriň badynyň hiç hem gowşadylmazlygynyň tarapdary. Sebäbi biziň öňümizde ondan hem howplurak epidemiologik ýagdaýlar bar bolmagy mümkin. Şol sebäpli hem ähli dünýä ýurtlary ýeke pursat hem hüşgärligi we jogapkärçiligi, ätiýaçlygy elden bermeli däldir” -diýilýär.

BSGG-nyň maglumatlaryna görä, dünýäde 48,1 milliondan gowrak koronawirus ýokuşan adamlar bar. Pandemiýa 1,23 milliondan gowrak adamyň aradan çykmagyna sebäp boldy.