“Sidneý Morning Herald” neşiriniň habar bermegine görä, Awstraliýanyň ýygyndy toparynyň 2012-nji ýylda Londonda geçirilen Olimpiýa oýunlaryna gatnaşan ýüzüji Brenton Rikardyň oňyn doping synagy sebäpli 4×100 metr estafetada gazanan bürünç medalyny elden gidermegi mümkin.

Sekiz ýyl mundan ozal geçirilen türgeniň synag nusgasy gaýtadan synagdan geçirilende, netije oňyn boldy. Derňewde gadagan edilen derman – furosemid farmaseftiki serişdesi ekeni. Oýunlaryň saýlama jedellerine gatnaşan 37 ýaşly Rikard, gadagan edilen maddalary hiç wagt bilgeşleýin kabul etmeýändigini aýtdy.

Halkara Olimpiýa komiteti “Sport arbitra Court” kazyýetine (CAS) ýüz tutdy. Şeýlelikde, Awstraliýa topary ýüzmekde medallaryny ýitirmegiň bosagasynda. Kazyýet işi 9-njy noýabrda başlar.