Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy ýekşenbe güni ýurdumyzyň ministrlikleri we pudaklaýyn dolandyryş edaralary bilen bilelikde Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 25 ýyllygyna bagyşlanan ykdysady üstünlikleriň wirtual sergisini gurady.

TDH-nyň habar berşi ýaly, innowasion tehnologiýalary ulanmak arkaly ilkinji internet-sergini guramak “Türkmenistanyň daşary ykdysady işini ösdürmegiň 2020-2025-nji ýyllar üçin Maksatnamasyny” amala aşyrmaga bolan möhüm ädimi äşgär edýär.

Bellenilişi ýaly, ýöriteleşdirilen internet-portallarda ýurdumyzyň ministrlikleri we pudaklaýyn dolandyryş edaralary, iri kärhanalary we sebitleri wirtual bölümleri gurap daşary ýurtly hyzmatdaşlary we beýleki köpsanly internet serişdelerini ulanyjylary alyp barýan işleri, uzakmöhletleýin özara peýdaly hyzmatdaşlygy ýola goýmak üçin mümkinçilikler we ägirt uly eksport kuwwatlyklary bilen tanyşdyrdylar.

Sergide 50-den gowrak gatnaşyjylaryň wirtual diwarlyklary ýerleşdirilendir. Wirtual diwarlyklarynda önümler we hyzmatlar barada maglumatlar, şeýle-de wideo şekiller, maglumat bukjalary we habarlaşmak üçin maglumatlar bardyr.

Wirtual serginiň guralmagy sanlylaşdyrmagyň Türkmenistanyň ykdysady ösüşiniň möhüm wezipeleriniň esasy ugry bolup durýandygyny görkezýär. Häzirki döwürde ýurduň innowasion ösüşi ýokary tehnologiýalaryň işjeň ornaşdyrylmagyna bagly bolup durýar.