Ýiti ýokanç keselleriň ýurdumyza getirilmeginiň we ýaýradylmagynyň öňüni almak maksady bilen Türkmenistanyň metjitleriniň işine girizilen çäklendirmeleriň möhleti uzaldylýar.

Şunuň bilen baglylykda, dini edaralaryň — metjitleriň, zyýarat edilýän ýerleriň iş 1-nji dekabra çenli çäklendirilýär, diýip Türkmenistanyň müftüligi habar berýär.

Ýatladyp geçsek, ýokanç keselleriň ýaýramagyna garşy öňüni alyş çäreleri hökmünde dini edaralaryň işiniň çäklendirilmegi şu ýylyň iýulynda girizildi.