«Gallup» halkara barlaglar merkezi kanunyň we tertibiň düzülen indeksiniň esasynda Türkmenistany dünýäniň iň howpsuz ýurdy diýip ykrar etdi. Bu merkeziň geçirýän soraglarynyň netijeleri jemgyýetçilik pikiriniň ýagdaýy baradaky maglumatlaryň has ygtybarly çeşmeleriniň biri hasaplanylýar. Bu hoş habar şu gün bütin dünýä dolup, eziz Watanymyzyň hem-de milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň abraýyny has-da belende galdyrdy.

Ykdysadyýet we dünýä institutynyň barlaglarynyň netijelerine laýyklykda, geçen ýyl ýurdumyzyň dünýäniň iň howpsuz döwletleriniň hataryna girendigini nygtamalydyrys, şol maglumatlar «Terrorçylygyň global indeksi 2019-da» çap edildi. Türkmenistan şu ugurdaky işlerini soňky birnäçe ýylyň dowamynda durmuşa geçirip gelýär.

Ýurdumyzyň şanly senäni — hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesine eýe bolmagynyň 25 ýyllygyny belleýän ýylynda bu wakanyň bolup geçmegi milli Liderimiziň döwlet syýasatynyň üstünlige eýe bolýandygynyň nobatdaky ajaýyp subutnamasydyr. Halkymyzyň abadan durmuşy, ata Watanymyzyň rowaçlygy, gyzyklanma bildirýän taraplaryň ählisi bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagy üçin şertleri döretmäge gönükdirilen oňyn özgertmeler döwlet Baştutanymyzyň syýasatynyň özenini düzýär.