Türkmenistanda ýiti ýokaç keselleriniň ýurduň çägine getirilmeginiň hem-de ýaýramagynyň öňüni almak maksady bilen halkara howa gatnawlaryna, ýurduň çägindäki otly hem-de şäherara awtobus gatnawlaryna, şeýle hem ýurduň raýatlarynyň hem-de daşary ýurt raýatlarynyň ýurduň döwlet serhedinden girip-çykmagyna girizilen çäklendirmäniň möhleti 2021-nji ýylyň 1-nji ýanwaryna çenli uzaldyldy.

“Türkmenhowaýollary” agentliginiň Russiýadaky wekilhanasynyň habar bermegine görä, “COVID-19” koronawirus pandemiýasy sebäpli “Türkmenhowaýollary” agentliginiň ähli halkara gatnawlary 2020-nji ýylyň 31-nji dekabryna çenli togtadyldy