Paýtagtymyz Aşgabatda Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Awtoulag kärhanalar toplumynyň we Awtomobil mekdepleriniň birleşiginiň okuw-türgenleşik merkeziniň açylyş dabarasy boldy.

Bu ýerde 150 orunlyk naharhana, ýangyn söndüriji beket, awtoulaglara ýangyç guýýan stansiýa, 1800-e golaý awtobusa, 800 taksä niýetlenen bassyrmalar, 4 sany hyzmat ediş hem-de tehniki dispetçer nokatlary, awtotürgenleşik meýdançasy bardyr.

Toplumda halkara ölçegleriniň ýokary talaplary, hereket howpsuzlyk kadalary we bu edaralaryň netijeli işlemegi üçin zerur bolan ähli desgalar we enjamlar hem göz öňünde tutuldy.