Maliýe we ykdysadyýet ministrligi Aşgabat şäher häkimliginiň 9 sany köp gatly awtoduralgasyny we Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň guşçulyk toplumyny olaryň işiniň esasy ugurlaryny we iş ýerlerini saklap galmak şertinde Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalaryna bellenen tertipde göni (salgyly) satmak arkaly hususylaşdyrar.

Degişli resminama Türkmenistanyň Prezidenti gol çekdi.