Paýtagtymyzda Aşgabat şäheriniň häkimliginiň buýurmasy boýunça «Sport ýyldyzy» hususy kärhanasy tarapyndan bina edilen «Jahan» döredijilik merkezi dabaraly ýagdaýda açyldy. Medeniýet ulgamynyň täze desgasy Astana köçesiniň ugrunda ýerleşýär.

Onuň açylyş dabarasyna Mejlisiň Başlygy, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary we beýlekiler gatnaşdylar.

Döredijilik merkezini gurmak üçin 5 gektara golaý meýdan bölünip berildi. Şunda 28 müň inedördül metrden gowrak meýdan abadanlaşdyryldy, şeýle hem şol çäkde sport meýdançasy, ýapyk we açyk awtoduralgalar ýerleşdirildi. Bulardan başga-da, «Jahan» döredijilik merkeziniň golaýynda ýapyk awtobus duralgasy guruldy.