Çykyş edýän agram derejesine garamazdan türgeniň gazanan ýeňişlerini göz öňüne tutýan UFC reýtinginiň ilkinji ornunda barýan amerikaly Jon Jonsuň ornuny Habib Nurmagomedow eýeledi.

Bu barada ýarym agyr agram boýunça UFC çempionatynda birnäçe ýyla bäri ilkinji orny saklap gelýän amerikaly türgen öz Twitter hasap sahypasynda hem belläp geçýär. Emma onuň rus türgeniniň özünden ýokarky basgançaga geçirilendigine nägileligini bildirýänligi barada habarlara gabat gelmek bolýar.

Habib özüniň 29-njy ýeňşini UFC 254 tapgyrynyň çäginde geçiren duşuşygynda gazandy. Ol 24-nji oktýabrda geçiren tutluşygynda garşydaşy Jastin Getjini gaňyrmak usuly bilen ýeňmegi başardy. Bu rus türgeniniň karýerasyndaky üçünji tituly boldy. Mundan öň hem ol titullaryny tejribeli türgenler bilen göreşip alypdy. Ýadymyzda bolsa ol tutluşyklar 2018-nji ýylda irlandiýaly Konor MakGregor bilen, 2019-njy ýylda bolsa Dastin Porýe bilen geçen tutluşyklardyr.

Getjä garşy geçiren duşuşygyndan soň, Habib karýerasyny tamamlaýanlygyny yglan etmek bilen özüni ýaryşyň ýokary basgançagyna geçirmeklerini sorady.