SSС Tuatara giperkaryna tizligi 533 km/sag çenli ýokarlandyrmak üçin bir minut töweregi wagt gerek boldy.

Ýakyn günlerde adaty awtoulagyň ýokary tizliginiň dünýä boýunça rekord netijesi gazanyldy. Bu netijäni gazanan SSС Tuatara giperkaryna adaty gara ýolda 532,93 km/sag derejä ýetmek başartdy. Bu bolsa degişli ugurdaky soňky rekord bilen deňeşdirilende 100 kilometr töweregi ýokarydyr. Bellesek, öňki resmi rekord dereje Koenigsegg Agera RS (444,6 km/sag) awtoulagyna degişlidir.

Bilşimiz ýaly, bu ugurda birbada ýokary tizlige ýetmekde hem rekord ölçenilmändi, emma bu netijäni hem gürrüňi edilýän awtoulaga degişli etmek bolar. Oňa ýeten ýokary tizligine ýetmek üçin 72 sekuntlap awtoulagy batly dolandyrmak gerek boldy.

Täze rekord netijäni gazanan SSС Tuatara giperkary iki turbinadan ybarat 5,9 litrlik göwrümli, şeýle-de 1750 at güýji kuwwaty bolan V8 hereketlendirijisi bilen üpjün edilendir.