Microsoft kompaniýasy özüniň ýene bir önümi bilen köpçülikleýin ýokary baha mynasyp boldy. Av-Test laborotoriýasynyň netijelerine laýyklykda, Operasion ulgama goýlan Microsoft (Microsoft Defender ýa-da Windows Defender) antiwirus programmasy mugt işlemek bilen Windows 10 ulgamy üçin iň amatly hem netijeli wiruslardan goraýjy programma hökmünde saýlanyp alyndy.

Av-Test garaşsyz tehnologik gurama Germaniýada ýerleşýär. Ol Windows operasion ulgamy üçin niýetlenen antiwirus programmalary derňeýär we bahalandyrýar, olaryň reýtingini düzýär. Bu guramanyň hasapnamasyna laýyklykda, “PK-lary öýde ulanýanlar üçin iň gowy antiwirus üpjünçilik programmasy” diýen ada şu ýylyň awgust aýynda mynasyp görlen bu programmanyň saýlanylmagynda üç hili kategoriýa — öndürilişi, goraglylygy üpjün edişi hem-de oňaýlylygy göz öňüne tutuldy.

Bu hasapnama iýul hem-de awgust aýlarynyň netijesinde jemlendi. Ýokary dereje bolan 18 baly birnäçe programma bilen birlikde Windows Defender programmasy hem gazandy. Nemes kompaniýasy degişli programmanyň köp sanly zyýanly hüjümlerden goramak ukybynyň ýokarydygyny belledi.

Windows Defender programmasyndan başga-da, bu ugurda Kaspersky Lab, F-Secure, Avira, AhnLab, G Data we McAfee ýaly wirusa garşy göreşýän programmalar ýokary baha eýe boldular.