Rus türgeni Islam Mahaçew bilen Rafaýel Don Anýosyň arasynda geçirilmegi meýilleşdirilen tutluşyk noýabr aýynyň 14-ne geçirildi. Bu duşuşyk Las-Wegasda bolar. Tejribeli türgenleriň arasyndaky bu garşylyk UFC Fight Night 182 tapgyrynyň iň esasy duşuşygy boljaklygy heniz belli däldir.

Aslynda bu duşuşygyň 24-nji oktýabrda geçen UFC 254 tapgyrynda bolmagyna garaşyldy we şoňa meýilleşdirilipdi. Duşuşygyň yza süýşürilmeginiň baş sebäbi bolsa Mahaçewiň garşydaşynyň koronawirus boýunça beren testi bilen baglanyşykly boldy. Položitel test tabşyrandygyna garamazdan, Don Anýos ýaryşdan gaýragoýulmasyz aýrylmaly edildi.

Bu meseläniň ýüze çykmagy bilen UFC-niň ýolbaşçylyk düzümi Mahaçew üçin gyssagly mynasyp garşydaş boljak türgeni tapmady. Netijede Mahaçew hem ýaryşdan çykarylmaly boldy.

Islam Mahaçewiň bu turnir boýunça geçiren çykyşlarynyň netijesi 18 ýeňşe hem-de ýeke-täk ýeňlişe deňdir. Don Anýos bolsa bu turniriň ýeňil agram boýunça öňki çempiony hasaplanýar. Ol bolsa häzirki wagta çenli 29 gezek ýeňip, 13 gezek ýeňildi.