La Liganyñ nobatdaky duşuşyklarynyñ biri hem Barcelona topary bilen Real Madrid toparynyñ arasynda geçdi. Ýer eýeleri myhman topara 3-1 hasaby bilen ýeñildi. Duşuşygyñ başdan soña çenli dartgynly ýagdaýda geçmegi tomaşaçylara ýatdan çykmajak şowhun döretdi.
Real Madrid oýunyñ başynda, ýagny 5-nji minutda F.Valverde bilen 1-0 öñe geçdi. 8-nji minutda Barcelonanyñ ýaşajyk ýyldyzy A.Fati hasaby 1-1 deñledi. Real Madridiñ kapitany Sergio Ramos 63-nji minutda penaltydan toparyny 2-1 hasaby bilen öñe geçirdi. Oýunyñ 90-njy minudynda oýuna soñradan giren L.Modric toparynyñ soñky goluny tora geçirip, hasaby 3-1 getirmegi başardy.

Hudaýberdi Baýew