Ýakynda ABŞ-nyň Pensilwaniýa ştatyndaky tebigy meýdanlarda gözleg işlerini geçirýän alymlar topary bu ýerde ganatlarynyň biri sary beýlekisi bolsa gülgüne reňkli täsin guşy tapdylar. Alymlar tarapyndan iki jynsly diýlip tassyklanan bu guşda adaty guşlara garanyňda köp sanly aýratynlyklary görmek bolýar. Alymlar bu guşuň iki jynsly bolmagyny bolsa adaty däl genetiki ýagdaý diýip düşündirdiler. Şeýle-de, bu guşuň iki jynsly bolmagy onuň diňe bir daş görnüşine däl, eýsem, beýnine hem-de edýän hereketlerine-de öz täsirini ýetirýär. Bu täsin guşuň ýene bir aýratynlygy bolsa onuň sesiniň hem düşnüksiz şekilde çykmagydyr. Ýagny, onuň sesi durnukly bir jynsa degişli bolman her gygyranda üýtgeşik owazda çykýar.
Alymlary geň galdyrmagy başaran bu iki jynsly guş taryhda ilkinji gezek tapylanok, mundan öň, ýagny 2015-nji ýylda hem başga bir alymlar topary şeýle görnüşli iki jynsly guşa duş gelipdiler.