Moldowada rus dilindäki telewideniýe ýaýlymyny çäklendirýän kanunlar üýtgediler, käbir rus teleýaýlymlarynyň gepleşikleri ýurduň telewideniýesinde gaýtadan berlip başlanar. Bu barada duşenbe güni Moldowanyň prezidenti Igor Dodon TASS-yň baş müdiriniň birinji orunbasary Mihail Gusmana onlaýn formatda açyk söhbetdeşlikde aýtdy.
Söhbetdeşligiň dowamynda “Biz bu ýerde rus diliniň roly has anyk kesgitlenmegi üçin dilleriň gatnaşygy barada täze kanun kabul etmek isleýäris. Men käbir rus kanallaryny Moldowanyň teleýaýlymlaryna gaýtaryp bermelidigimizi aýdýaryn” diýilýär
Dodon 2017-nji ýylyň ahyrynda – 2018-nji ýylyň başynda ýurduň mejlisiniň Moldowanyň telewideniýesinde rus dilinde ýaýlymy çäklendirýän kanun kabul edendigini we käbir kanallaryň ýaýlymynyň düýbünden gadagan edilendigini ýatlatdy. Moldowanyň prezidenti bolsa bu babatda “Prezident saýlawlaryndan soň bu kanunlary hem üýtgedip bileris diýip umyt edýärin. Mejlisde goldaw taparys we bu ugurda hereket ederis ” -diýipdi.
2017-nji ýylyň dekabrynda Moldowanyň mejlisi serhetýaka telewideniýesi boýunça Ýewropa konwensiýasyna görä, döwletlerden habarlaryň, analitiki, syýasy we harby ýaýlymlaryň ýaýramagyny çäklendirýän kanun taslamasyny kabul etdi (Russiýa muny tassyklamady). Bu bolsa Parlament oppozisiýasy, şeýle hem ýurduň prezidenti Dodon tarapyndan berk tankyt edildi.
Toýly Muhammetdurdyýew
Magtymguly adyndaky TDU-nyň žurnalistika hünäriniň talyby