Ol wagtlar Maksadam, jigsi Myradam kiçidi, çagaka üýşip kölegesinde oýnan ülje agaçlary weli äpet uludy.

Arman, ol ülje agajy her ýyl miwe berenokdy. Her ýyl atalarynyň ýanaşyk howlusyndaky pomidordyr hyýarlar, erikler ak patrak güle bürenerdi. Emma olaryň alyslardan getirlen gyzyl endamly ülje agajy bolsa asyl gunça ýarmalydyrynam öýdenokdy. Myrat oglanlyga tutup, hamala atasy bu zatlaryň syryny bilýän dek: “Ata, han-a seniň baglaň gülleýä-rä, näme üçin biziňki şeýdip güllänok?” diýip sorady. Çary aga: “Wa-ah, oglan başyňa döneýin seň, men näbileýin, ony bir Alla biler, ryzk eýesi oldur. Nesipli gün geler, şonda bagam güllär, hasylam ýere-ýurda sygmaz!” diýen sözleri gaýtalady, yzyndanam: “Özüm-ä, şu bagyň şirejesiz, garynjasyz saýasynam ajydänäň miwesine bermen!” diýip, agtyklaryny köşeşdirmäge synaşardy.

Maksadyň ýaşy atasynyň jan-dilden aýdýan bu pelsepesini kabul ederden-ä irdi, ýöne oba arasynda eşidilýän: “hasyl bermeýän baglary gorkuzsaň ýa-da awundyrsaň indiki ýyl hökman gülleýärmiş diýlen “myş-myşa” ynanardanam giçdi. Onsaňam, çaga-da bolsa doganlar tutlaryň arasynda-da hasyl bermeýänleriniň bardygyna beletdiler, şoň ýaly-da olara çagalar-a “Erkek tut”, ulularam “Tök tut” diýip, at dakyp oňarýardylar. Adam ynamyny ýitirip ugranda, çäresizlige uçranda hemişe oňa soňy geň-taňlyklar, gudrat bilen tamamlanýan ertekiler, rowaýatlar, “myş-myşlar” gerek ekeni, adam özünden biygtyýar olary gözleýär. Sebäbi Maksat atasy ýaly hiç ýere howlukman, iň beteri-de hiç zada garaşman umytsyzlykda ýaşamaga kaýyl däldi, muňa asla öwrenişip bilmeýärdi.

Emma, günleriň birinde düýbünden garaşylmadyk waka Maksady miwe bermeýän üljesi hakda belli-külli netijä gelmäge mejbur etdi.

Gyş aýlarynyň başlarydy, edebiýat mugallymy nakyllar, atalar sözi barada täze sapagy düşündirip, yzyndan okuwçylardan kimiň nähili mysal getirip biljekdigini sorady. Maksadyň ýanyndaky oturan Mylaýym ýüzugra elini galdyryp: “Bahylyň bagy gögermez, gögerse-de miwe bermez” diýip jogap berdi. Haý, seniň Mylaýym bolaýşyňy! Diliň-ä awy zäher! Ata-baba dowam edip gelýän nakyl Maksadyň gulagyna ýakmady.

Soňra ýedi ölçäp bir kesen Maksat üljäniň “gözüniň oduny” almaly diýip, eline palta alyp, güpbüsini çöwre geýen Maksat baga tarap topulandan ony saklamaly Myradyň aýagy taýyp, şonda zyňylyp gitdi. Ol ýatan ýerinden:

– O–how, Maksat duraweri – how! – diýip ýalbardy. Maksat ýokary galdyran paltasyny zordan bir tarapa sowup ýetişdi. Maksat:
– Ýagşam bir gorkyzdyk – how – diýip, uly hökmünde özüniň närazylygyny mälim etdi.

Aýazly gije daşarda şemal deregine biri sygyrýan ýaly bolup eşidilýärdi. Soňra peje çoýunyp oturan Myrat dillendi:

– Bilýäňmi näme, men-ä, indi baglaryň görýänine-de, eşidýänine-de ynanýan – diýip, uludan demini aldy.

– Nätdiňäý?

– Howwa, baglar eşidýär, asyl görýälerem. Munuň çyndygy basym özüňem görersiň, hemmäňizem görersiňiz.

Soňra gyş aýlary tamamlanyp, daglaryň gary eräp başlady. Ülje agajynyň her bir ýapraklary adam eliniň aýasyndan kem däldi. Ülje miwe getirip başlady. Muňa bolsa Makasadam, Myradam haýrana galdy. Şol wagt öýden çykan Çary aga hasasyna söýenip: “Häk, bihepbeler, indi sizden ýaňa duran agaja-da gün ýokmy?! Ynsyň-jynsyň kemini-artygyny bilmek, ony düzetmegem täk Ýaradanyň işidir” diýip başyny ýaýkady.

TOHU-nyñ talyby Hoşgeldi Orazgeldiýew