Türkmenistanyň bank ulgamy nagt däl hasaplaşyklaryň gerimini, hususan-da, plastik kartlary giňden peýdalanmak, şeýle hem ilata edilýän hyzmatlaryň görnüşlerini giňeltmek arkaly işjeň ösdürýär.
TDH-nyň anna güni habar berşi ýaly, Türkmenistanyň döwlet we paýdarlar täjirçilik banklary tarapyndan “Owerdraft karty” atly täze bank kartyny girizmek meýilleşdirilýär.
Habarda bellenilişi ýaly, bu kart gündelik sarp edilýän harytlary satyn alnanda raýatlaryň maliýe mümkinçiliklerini giňeltmek üçin, her bir raýatyň ýüztutmasy esasynda onuň aýlyk zähmet hakynyň 40 göteriminden üç essesine çenli möçberde gysga möhletli karzlary resmileşdirmek üçin niýetlenendir.
“Owerdraft” hyzmaty nagt däl hasaplaşyklarda müşderiniň hasabyndaky pul serişdeleri ýeterlik bolmadyk ýagdaýynda, karz edarasy bilen baglaşylan şertnama laýyklykda müşderiniň hasabyny kesgitlenen çäklerde karzlaşdyrmaga mümkinçilik berýär. Şunda müşderiniň hasabyna serişde gelip gowşanda bellenen tertipde karz gaýtarylýar.
Degişli şertnamanyň hereket edýän döwründe karz gaýtarylandan soňra, goşmaça şertnama baglaşmazdan karzy gaýtadan ulanmak mümkinçiligi döreýär.