1. 5G baglanşyk
5G öňümizdäki 10 ýylyň yzygiderli artýan maglumat alyş-çalyş zerurlygyny amala aşyrmakda iň esasy kömekçi bolup hyzmat etmäge başlar. Ýakyn geljekde adaty öý şertlerinde hem 5G tizlikli internet baglanşygyny ulanmaklygy ýola goýular;

2. Eplenýän akylly tefonlar
2019-njy ýylyň maglumatlaryna görä iPhone, Samsung we Oppo kompaniýalarynyň akylly telefonlarynda uly täzelige garaşylýar. Ýagny indi telefonlar eplenýän ýygnalma mümkinçiligine eýe boljaklar. Häzirki wagtda Motorola Razr modelli eplenýän akylly telefona garaşylýar;

3. Simsiz elektrik
Telefonlarymyz energiýa simlaryndan azat bolar. Meşhur Nikola Teslanyň elektrik toguny howadan geçirmek taslamasy ýakynda ulanyjylara gowuşar. Ossia firmasynyň Cota tehnologiýasy radio tolkunlary bilen birnäçe woltluk batareýalary onlarça metr uzaklykdan energiýa alyp biler;

4. Kellämizdäki kompýuter gözegçiligi
Belli Elon Muskyň Neuralink taslamasy adamyň beýnisinde çip ýerleşdirmek arkaly kompýuteri dolandyrmagy meýilleşdirýär. ABŞ-nyň saglyk ministrligi rugsat berse beýni-kompýuter tehnologiýasyny üstümizdäki ýyl janly adamda barlamaklygy göz öňünde tutulýar;

5. Akylly kömekçiler awtomobillerde
Alexa, Siri, Google Asistan ýaly sesli buýruklar arkaly işleýän akylly tehnologiýalar giňden ýaýrap başlady. Awtomobil öndürijiler täze önümlerini akylly tehnologiýalar bilen üpjün edip başlar;

6. Uzak aralykdan işleýänler köpeler
Tehnologiýada, programma üpjünçiliginde, dizaýnda we ideýa gönükdirilen işlerde ökde hünärli işçi güýjüniň gymmaty kem-kemden ýokarlanýar. Asana, Slack, Drive ýaly programmalaryň goldawy bilen, ofis we adam resurslarynyň çykdajylaryny azaldýan uzakdaky iş ulgamy has ýaýbaňlanar;

7. Jemgyýetçilik gatnaşyklaryny ösdürýän programmalar
Soňky döwürlerde sosial aragatnaşygyň internede doly diýen ýaly bendi bolandygy sebäpli adamlar fiziki dünýäde hakyky aragatnaşyklar küýsäp başladylar. 2020-nji ýylda sport, güýmenje we umumy gyzyklanmalar bilen wirtual we hakyky gurşawy garyşdyrýan täze tejribe programmalaryna isleg bildiriler;

8. Global pul birligi
Onlaýn söwda etmegiň we sanly kärhanalaryň köpelmeginiň ileri tutulmagy bilen halkara sanly walýuta zerur bolar. Diňe wirtual gurşawda hereket edýän Bitcoin-e meňzeş global walýuta dolanyşyga girip biler. Mundan başga-da, diňe sanly pul bilen işleýän hünärler we önümler peýda bolar;

9. Kosmos syýahatçylygy
“Virgin Galactic” ilkinji orbital syýahatçylary iki ýyldan soň kosmosa çykarar. NASA kosmonawtlarynyň 2024-nji ýylda Aýa gaýdyp gelmegi kosmos syýahatyna bolan gyzyklanmany artdyrar we kosmos syýahatçylygyna maýa goýumlaryny çaltlaşdyrar;

10. Ähli ýerde internet
“Google” we “Facebook” bütin dünýäde internedi ýaýratmak üçin pilotsyz geçirijileri we atmosfera şarlaryny ulanmak boýunça synag geçirýärler. “Apple” 5 ýyldan öz internet hemrasyny uçurar. Örän çalt Wi-Fi we 5G goldawy bilen dünýäniň hemme ýerinde 10 ýylyň içinde internete birikdiriler;

11. Ähli “zatlar” internete birikdiriler
2025-nji ýyla çenli 100 milliard enjam internete birikdiriler. “Zatlaryň interneti” (‘Internet of Things’ -IoT) tehnologiýasy giňden ýaýran mahaly, jaýyň içki bölegi we çagalar otagy ýaly hususy ýerler hakerlere açyk bolup, howpsuzlyk aladalaryny döredýär;

12. Emeli intellekt 2.0
Häzirki wagtda emeli intellekt şahsy isleglerimizi, hadysanyň detallaryny we dürli şertlerini öwrenmek arkaly ulgamlary goldamak we maglumat döretmek ýaly funksiýalary ýerine ýetirýär. Emeli intellekt 2.0 adam akylyna göniden-göni meňzär. Çäreleri we şäherleri guramak ýaly işleri adamlar bilen bilelikde alyp barar.

Laçyn Mirabowa
Türkmen oba hojalyk institutynyň
Kompýuter tehnologiýasy kafedrasynyň mugallymy