Britan hem rus alymlary ses tolkunlarynyň ýaýraýyş tizliginiň ýokary tizligini anyklamagy başardylar. Ol metal wodorodda 36 km/sag tizlige barabar bolup, şeýle-de atomyň massasynyň peselmegi bilen ses tolkunlarynyň tizligi barha ýokarlanýar. Alymlaryň bu işleri dolulygyna Science Advances žurnalynda neşir edildi, onuň bilen internet esasynda tanyşmak üçin bolsa arXiv.org saýtyna ýüzlenmek bolar.
Ses tolkunlarynyň tizligi olaryň kesip geçýän sferany örän bagly bolup durýar. Mysal üçin, ses suwuklyklara, gaza garanyňda gaty enjamlaryň içinden tiz geçip bilýär. Şonuň üçin hem eger relse gulagyňyzy ýakynladyp diň salsaňyz, otlynyň gelýänini uzakdan eşidersiňiz.Eýnşteýniň otnositellik teoriýasy ses tolkunlaryň tizlik çägini kesgitlemek bilen, onuň ýagtylygyň tizligi bilen deňleşdirýär. Emma häzirki güne çenli sesiň näderejede ýokary tizlikde geçýänligi hiç anyklanmandy. Bu soragyň jogabyny Şa gyzy Mariýa adyndaky Londonyň uniwersitetiniň, Kembrij uniwersitetiniň hem-de L.Wereşagin adyndaky institutyň alymlary özleriçe berdiler.
Sesiň iň ýokary tizligi iki sany ölçegsiz fundamental konstanta bagly bolup durýar: hemişelik inçe struktura we protonyň massasynyň elektronyň massasyna gatnaşygy. Alymlar kwant-mehanik hasaplamalary geçirmek bilen öz teoriýalaryny subut etmegi başardylar. Netijede, olar sesiň tizliginiň 36 km/sag deň bolýanlygyny ýüze çykardylar.