Kanadanyň inženerleri dünýäniň iň ýokary tizlikli wideokamerasyny köpçülige tanyşdyrdylar. Kadrlarynyň ýokary ýygylykda bolmagy bilen bu wideokamera has kiçijik zatlary hem surata düşürmäge ukyplydyr. Şeýle hem ol zatlary ýokary tizlik bilen surata düşürip bilýär.
Kanadanyň döwlet institutynyň alymlarynyň bu döreden wideokamerasy ultrafiolet diapazonda surata düşürýär. Bu bolsa kadrlaryň ýokary ýygylykda bolmagyna görnetin ýardam edýär.
Alymlaryň bellemeklerine görä, täze rekord derejä eýe bolan enjam has kiçijik fotonlara çenli görmäge şert döredýär. Olary diňe ultrafiolet diapazonynda görmek bolýar. Netijede örän ýokary derejedäki durulykly wideo ýazgyny we dury fotosuratlary, hatda zatlaryň hereket edýän pursatynda hem düşürmek mümkinçiligi döreýär. Hünärmenler bu wideokameranyň ähli sferalarda, aýratyn hem ylmy barlaglary geçirmekde peýdaly boljakdygyny belläp geçýärler. Surata düşürmek üçin ýörite niýetlenen algoritm ulanylýar.