Guramaçylyk komitetiniň mejlisinde 1941-1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunyň 75 ýyllygyna bagyşlanan «Ýeňiş – hemmeler üçin bir!» atly halkara bäsleşiginiň netijesi belli boldy we dünýäniň 11 ýurdundan 35 okuwçy ýeňiş gazandy.
Mekdep okuwçylarynyň arasynda geçirilen «Ýeňiş – hemmeler üçin bir!» atly halkara bäsleşigi Russiýanyň we daşary ýurtlaryň halklarynyň umumy taryhy gahrymanlaryny kesgitlemeklik üçin maglumat we bilim taslamasydyr. Hut şu nukdaýnazardan-da, bu bäsleşik ýaşlaryň watanynyň gahrymançylykly hereketleriniň mysalyna we Beýik Watançylyk urşunyň ýatdan çykmajak wakalaryna bagyşlanan taryhy hakykaty öwrenmäge bolan gyzyklanmasyny döretmäge gönükdirilendir.
Dürli ýurtlardan bolan bäsleşige gatnaşyjylar 1941-1945-nji ýyllarda frontda gahrymançylykly söweşen ýa-da arka tarapda işlän, doglan ýerine, milletine we dinine garamazdan faşist basybalyjylaryny ýeňmegiň umumy sebäbine goşant goşan adamlar hakda maglumat gözlediler. Mekdep okuwçylary gözleg netijelerini prezentasiýa sapaklary görnüşinde hödürlediler.
Bäsleşik 14 ýurduň 300 sany mekdebinden 14 – 17 ýaş aralygyndaky 9 müňe golaý gatnaşyjyny öz içine aldy.