Biz ýaşymyzy uzaltmak üçin dürli hili iýmitleri iýýäris, fizik maşklary ýerine ýetirýäris, arassa howada gezelenç etmek bilen stress ýagdaýlaryndan gaça durýarys. Emma ýakynda alymlar adamyň saglyk ýagdaýyny kadaly saklamak bilen onuň ömrüni uzaltmaga peýda getirýän dermanlyk ösümliklerini ýüze çykardylar.
Adamyň özüni duýuşyna gara tmin, kalinji, rim koriandry, nigella ýaly ösümlik ot-çöpleri özüniň oňyn täsirini ýetirýär. Bu dermanlyk ösümlikler dünýäniň köp ýerlerinde bejergi maksatlary bilen ulanylýar. Ol tagamy boýunça sogana hem-de oregano dermanlygyna çalymdaşdyr. “Uzak ýaşamagyň syry” hasaplanýan bu dermanlyk ösümligi düzüminde kletkalaryň okislenmegine garşy täsir edýän antioksidantlary saklaýar. Gara tmin ýaramaz täsiri bolan çişleriň döremeginde profilaktika hökmünde peýdalanylýar. Antioksidantlar organizme onkologik keselleriň güýjemegine täsir edýän hem-de saglyga zyýanly bolan erkin radikallara garşy durmakda uly kömek edýär.
Gara tminiň ýygy-ýygydan naharda ulanylmagy ganymyzdaky ýaramaz täsirli holesterini azaldýar. Şonuň üçin hem organizmimizde döräp biljek keselleriň mümkinçiligini, şol sanda ýürek kesellerini peseldýär. Belli bolşy ýaly, ýaşuly adamlaryň köp bölegi ýürek kesellerinden ejir çekip ýogalýarlar. Şu sebäpden hem gara tmin ýürek üçin peýdalydyr. Gara tminiň ýagy dürli hili stafilokokka ýaly bakteriýalardan goraýar. Bu mikroorganizmler bolsa dürli keselleriň we örgünleriň ýüze çykmagyna getirip bilýändir.