1-ni okýabrda — Penşenbe güni Şweýsariýanyň Ženewa şäherinde UEFA-nyň netijelerine, şeýle-de geçen möwsümiň iň ökdelerini ýüze çykarmak mynasybetli dabara geçirildi. Onuň gün tertibine futbol dünýäsiniň iň köp tomaşa edilýän ýaryşlarynyň biri bolan Çempionlar ligasynyň netijeleri esasynda baýraklary gowşurmak dabarasy esasy mowzuk hökmünde girizildi.
UEFA-nyň netijelerine, şeýle-de futbol dünýäsiniň tejribeli hünärmenleriniň eminlik çözgütlerine laýyklykda UEFA-nyň geçen möwsümde iň ýokary netijeleri görkezip, toparyna üstünlik getiren futbolçysy diýlip nemesleriň “Bawariýa” toparynyň polşaly hüjümçisi Robert Lewandowskiý yglan edildi.
Polşaly futbolçy nemes toparynyň Çempionlar ligasynyň ýeňijisi bolmagyna uly goşandyny goşdy. Ýaryşyň bütin dowamy boýunça onuň hasabynda 15 gol hem-de 6 sany ýardam pasy bar. Mundan öň bolsa, ol UEFA-nyň netijesi boýunça geçen möwsümiň iň ezber hüjümçisi hökmünde saýlandy. Çempionlar ligasyndan başga-da, Lewandowskiý toparyna Bundesligany hem-de Germaniýanyň kubogyny almaga uly ýardam etdi.