Urugwaýly hüjümçi Edinson Kawaniniň karýerasyny iňlisleriň Premýer ligasynda dowam etmek mümkinçiliginiň ýokarydygy barada habar beriş serişdeleri maglumatlary ýetirýär.
Sport žurnalisti Fabrisio Romano futbolçynyň agenti bilen “Mançester Ýunaýted” toparynyň gepleşikleri geçirýändigini habar berýär. Bellenişine görä, Edinson Kawaniniň özi şertnama babatda uzak möhletleýin şertnama baglanyşmagy hem-de 10 million ýewro möçberinde ýyllyk töleg berilmegini isleýär. Birnäçe gün mundan öň Kawani bilen iňlis toparyndan başga-da beýleki meşhur toparlaryň gyzyklanýandygy bellenip geçildi. Ondan Ýakyn günlerde “Atletiko” hem-de “Benfika” toparlary hem agentlik komissiýa meseleleri boýunça ýüz döndürmeli bolupdylar.
Ýatlap geçsek, geçen möwsümde 33 ýaşly futbolçy fransuzlaryň futbol ligasynda 14 duşuşyga gatnaşyp, 4 gezek gol geçirmek bilen tapawutlanyp, 1 gezek ýardam pasyny bermegi başarypdy.