Norwegiýanyň Takyk we tehniki ylymlar uniwersitetinde çagalaryň elde hat ýazmak endikleriniň öwrenilen maglumatlary ýatda saklamakda we olary islendik wagt ulanmaklarynda iň gowy usul bolup durýandygy tejribeleriň kömegi arkaly öwrenildi.
Bu ugurda ylmy işleri geçiren alymlar ýörite elektroensefalogrammalar arkaly okaýan talyplaryň hem-de okuwçylaryň elde we kompýuterde hat ýazmak endiklerini ölçemek bilen olaryň tapawutly hem peýdaly aýratynlyklaryny mälim etdiler. Bu tejribede olaryň beýnisinde bolup geçýän üýtgeşmeler, netijeler kesgitlendi. Bu barlaga gatnaşyjylar ýörite köp sanly elektrodlar bilen üpjün edilen geýimi geýdiler. Onuň kömegi bilen bolsa gatnaşyjylaryň beýnisiniň pikirlenmek işjeňligine gözegçilik edildi. Netijede hem, aňyň pikirlenmekdäki işjeňligi, beýniniň tolkunlarynyň işjeň häsiýeti elde hat ýazýanlarda güýçli bolýandygy ýüze çykaryldy. Bu geçirilen barlag işleri barada Fronters in Psychology žurnalynyň sahypalarynda bellenip geçilýär.
Alymlar bu hili ýazuwyň beýnide köp neýron baglanyşyklary döredýändigini, onuň hem ýatda saklamaga uly mümkinçilik berýändigini aýratyn aýdýarlar. Elde hat ýazmak gözüň, eşidişiň aktiwligi bilen beýniniň sensomotor bölekleriniň işjeňligini ýokarlandyrýar. Şeýlelikde beýniniň birnäçe bölegi işjeň häsiýete eýe bolup, oňa maglumatlary tiz kabul etmäge ýol açýar. Şonuň üçin hem alymlar häzirki döwürde kompýuterde hat ýazmagyň ýörgünli bolandygyna garamazdan, çagalara elde hat ýazdyrmagy maslahat berýärler.