Türkmenistanyň «Türkmenistan» döwlet täjirçilik banky Türkmenistanyň
Saglygy goraýyş we derman senagaty pudagynyň hünärmenlerini olaryň ýetip gelýän şanly baýramlary – 10-njy oktýabrda beleniljek Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni bilen gutlaýar hem-de olar üçin ýörite açylan «Bagtyýar lukman» goýumyny ulanmaga çagyrýar. Bu goýumda her bir saglygy goraýyş işgäri öz süýşürintgilerini ýerleşdirip biler we olaryň goragly saklanmagyny üpjün edip biler.
«Bagtyýar lukman» goýumy 1 ýyllyk möhlete açylyp, ýyllyk 11 göterim derejesinde girdejilidir. Bu barada «Türkmenistan» gazetiniň 2020-nji ýylyň 3-nji oktýabrynda, şenbe güni çykan sanynyň 4-nji sahypasynda habar berilýär.
Bankyň merkezi edarasy boýunça habarlaşmak üçin telefon belgisi: 44-03-04.
Şahamçalaryň salgylary we telefon belgileri bankyň www.tnbk.tm resmi internet sahypasynda görkezilen.