Amerikanyň Amazon kompaniýasy tölegleri eliň aýasynyň kömegi bilen aragatnaşyksyz skanirlemek arkaly geçirmäge mümkinçilik berýän Amazon One atly programmany işläp düzdi. Kompaniýanyň ýakynda köpçülikleýin peýdalanmaga hödürlejek bu täzeligi barada The Verge ýazýar.
Täze tehnologiýa adamlary indiwidual aýratynlyklaryna laýyklykda, olaryň aýalaryndaky çyzyklary identifisirlemek bilen tölegleri amala aşyrmaga oňaýly şerti döredýär. Onuň detallarynyň kombinasiýasy el yzynyň kabul edilýän şekilini döredýär.
Amazon One tehnologiýasynyň registrasiýasy bir minutdan hem az wagt dowam edýär. Munuň üçin töleg enjamyna kredit kartyny goýup, dewaýsyň üstüne eliňi golaýladyp saklamaly. Bu ulgam eliň yzyny kredit kartyň paroly hökmünde kabul edip, tölegi almaga mümkinçilik alýar. Ýene birnäçe ýyllardan adamlar ýanlary bilen bank kartlaryny hem almaly bolmazlar. Eger el çyzgylary ýatda saklanan ulgamy täzelemek zerurlygy ýüze çyksa, onda biometrik maglumatlary kompaniýanyň onlaýn portalyndan üýtgedip bolýar.
Bu tehnologiýadan ilkinji nobatda Amazon Go dükanlarynda peýdalanyp bolar. Häzirlikçe bu tehnologiýa 29-njy sentýabrda kompaniýanyň ştab kwartirasynyň ýerleşýän şäheri Siettldaky iki sany dükanda ýola goýuldy. Golaýda bolsa kompaniýa beýleki şäherlerdäki dükanlaryna bu ulgamy ýerleşdirmegi meýilleşdirýär.