Tailanddaky Khao Ýaý seýilgähiniň işgärleri ýerli ekologiýany hapalaýanlara garşy göreşmegiň ýoluny tapdylar. Olar syýahatçylara özlerinden soň galdyran zyňyndylaryny poçta arkaly iberýärler. Bu barada VBC habar berýär.
Seýilgähe baranlara gözegçilik etmek we tapmak üçin olar indi öz salgylaryny görkezmekleri gerek bolar. Eger-de olar seýilgähe hapa taşlap gitseler, şol zyňyndylar düzgün bozýanlara poçta gullugy arkaly ýetiriler.
Daşky gurşawy goramak ministri Warawut Silpa-arça özüniň Facebook akkauntynda iberilmäge taýýar edilip goýlan zyňyndylar salnan kagyz gaplaryň suratyny ýerleşdirdi. Ministriň postunda şeýle diýilýär: “Zyňyndyňyzy özüňize gaýtararys!”. Kagyz gabyň üstünde bolsa “Bulary Khao Ýaý milli seýilgähinde unudupsyňyz” diýlen ýazgy goýlar. Bangkong şäherinde ýerleşýän Khao Ýaý milli seýilgähiniň meýdany 2000 inedördül kilometr bolup, ol syýahatçylaryň arasynda örän meşhurdyr.